ynjyk

ynjyk
1) Sähelçe zada öýkeleýän, göwnüne alýan, öýkelemek, dözümsiz.
∙ Kerim biraz ynjyk hem öz düşünjesinde berk durýan ýigitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Men çagajykkam, öýde ýugurlyk un bolmasa-da, ynjyk ejemiň şol barada dädeme bir agyz söz aýdanyny eşiden däldirin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
2) Gaty-gaýram täsire çydamaýan, näzik.
∙ Bu wagtyň içinde ol çaga ýaly ynjyk gowaçanyň häsiýetine diýseň belet boldy. (G. Gurbansähedow, Ýürek Daş Däl)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem ynjyk - ynjygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»